Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kremliň geňeşçisi Trampyň, Putiniň 'ýakyn günlerde' duşuşjakdygyny aýdýar


Birleşdirilen suratda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (çepde) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (sagda).
Birleşdirilen suratda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (çepde) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (sagda).

Kremliň ýokary derejeli kömekçisi, prezident Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň prezidenti Donald Trumpyň ýakyn günlerde duşuşjakdygyny we rus lideriniň ABŞ-nyň Moskwadaky ýörite wekili bilen Ukrainada üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän söweşi soňlamak barada "peýdaly we döredijilikli" gepleşik geçirendigini aýtdy.

7-nji awgustda Putiniň daşary syýasat boýunça geňeşçisi Ýuriý Uşakow duşuşyga taýynlyk görülýändigini we iki tarapyň onuň geçiriljek ýeri barada eýýäm "umuman" ylalaşandygyny aýtdy.

"Amerikan tarapynyň teklibi bilen ýakyn günlerde ikitaraplaýyn sammit geçirmek barada prinsipde ylalaşyk gazanyldy" - diýip, Russiýanyň döwlet habar agentligi Uşakowy sitirledi.

Bu iki ýolbaşçy duşuşsa, Putin bilen Jo Baýdeniň 2021-nji ýylyň iýunynda Ženewada bolan duşuşygyndan bäri ABŞ-nyň we Russiýanyň prezidentleriniň arasynda ilkinji sammit bolar. Şondan bir ýyl geçip-geçmän Russiýa 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina giň derejeli hüjüme başlansoň Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklar kesilipdi.

Uşakowyň aýdan sözleri, Trampyň bir gün öň ABŞ-nyň ýörite wekili Stiw Witkoffyň we Putiniň arasynda geçirilen duşuşykda "köp ösüş gazanyldy" diýip, Putin bilen ýakyn wagtda duşuşyp biljekdigini aýtmagynyň yzýanyna gabat geldi.

"Ýakyn wagtda duşuşygyň bolmagyna gaty gowy mümkinçilik bar" - diýip, Tramp aýtdy. Mundan öň onuň metbugat sekretary Trampyň Putin bilen Moskwanyň Ukraina hüjümini ara alyp maslahatlaşmak üçin açykdygyny tassyklady.

Duşuşygyň öwezine Putiniň haýsydyr bir zat teklip edip-etmändigi barada soralanda, Tramp bu barada hiç hili maglumat bermedi, diňe "şu gün gaty netijeli gepleşikleri geçirdik" diýdi.

Donald Trampyň Ak Tamda žurnalistler bilen bu söhbetdeşligi onuň metbugat sekretary Karoline Lewittyň ruslaryň "prezident Tramp bilen duşuşmak isleýändiklerini, prezidentiň hem Putin, hem-de Ukrainanyň prezidenti [Wolodymyr] Zelenskiý bilen duşuşmaga açykdygyny" aýdanyndan soň boldy.

ÝB derejesindäki diplomatik çeşme "Tramp-Putin ikiçäk duşuşygy meýilleşdirilýän ýaly" diýip, Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Zelenskyý gepleşiklere goşularmy?

"Nýu-Ýork Taýms" neşiriniň we CNN habarlar gullugynyň maglumatyna görä, Tramp indiki hepde irden Putin bilen görüşmegi meýilleşdirýär, soň bolsa Putin we Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen üç taraplaýyn duşuşmak isleýär.

Duşuşygyň nirede geçiriljekdigi barada hiç hili maglumat ýok bolsa-da, Putiniň 7-nji awgustda Birleşen Arap Emirlikleriniň prezidenti bilen duşuşmagy meýilleşdirilýär. Käbir media maglumatlarynda bu çeşmelere salgylanylyp, gepleşikleriň geçiriljek ýeri hökmünde agzaldy.

Halkara krizis toparynyň ukrain analitigi Lýusian Kim Putiniň Zelenskiý bilen duşuşmak islemeýändigini, ýöne onuň Tramp bilen duşuşmak mümkinçiligini hem elden bermek islemeýändigini Azatlyk Radiosyna aýtdy.

"Onuň konflikti çözmek baradaky pikiriniň Trampyň ýa-da Zelenskiniň pikirinden düýpgöter tapawutlydygyny bilmelidiris" - diýip, Kim aýtdy.

Putin, Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynly gatnaşyklary gowulaşdyrmak islegini we 2022-nji ýylyň fewral aýynda giň gerimli çozuş bilen Ýewropada 1945-nji ýyldan bäri iň uly uruşy başlap, Ukrainany boýun egdirmek ugrunda alyp barýan tagallalaryny deňagramlaşdyrmaga synanyşýar.

Uşakow Witkoff bilen Putiniň Kremldäki takmynan üç sagatlyk duşuşygyny "gaty peýdaly we döredijilikli" diýip atlandyrdy.

Potensial sammit, Witkoff we Putin arasyndaky duşuşykdan soň, Tramp bilen Zelenskiniň arasynda bolan telefon gepleşiginde ara alnyp maslahatlaşyldy. AFP habar gullugyna görä, bu söhbetdeşlige NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte we Britaniýanyň, Germaniýanyň hem Finlýandiýanyň liderleri gatnaşypdyr.

Tramp Zelenskiý we "Ýewropaly ýaranlar" bilen telefon arkaly gürleşendigini aýtdy we "bu urşuň gutarmalydygyna hemmeler razy, ýakyn günlerde we hepdelerde bu ugurda işläris" - diýdi.

Zelenskiý şol gepleşigiň yzýany: "Hyzmatdaşlarymyz bilen umumy pozisiýamyz aç-açan: Uruş gutarmaly, adalatly gutarmaly" - diýip, X-da ýazdy.

Trampyň ok atyşygy bes etmek barada 8-nji awgust möhletine näme boldy?

Kremldäki duşuşyk Trampyň Putinden Kiýew bilen ok atyşygy bes etmegi talap edip, bolmasa Russiýanyň urşy maliýeleşdirmek üçin ulanýan nebit girdejilerini azaltmaga gönükdirilen goşmaça salgytlary girizmek barada yglan eden we 8-nji awgusta bellän wagt möhletiniň öňüsyrasynda geçirildi.

Şeýle hem Ak Tam Russiýanyň söweş maşynyny maliýeleşdirmäge kömek edýän ýurtlara garşy ikinji derejeli çäreleri girizmek bilen haýbat atdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio, Trampyň goşmaça sanksiýalary girizip-girizmezlik baradaky kararyna ýakyn 24-36 sagadyň dowamynda geljegini aýtdy.

Maý aýyndan bäri Stambulda geçirilen göni Russiýa-Ukraina gepleşikleriniň üç tapgyrynda tussaglaryň alyş-çalşygy barada şertnama baglaşyldy, ýöne parahatçylyga tarap öňegidişlik bolmady we taraplaryň pozisiýalary uzaklygyna galdy.

14-nji iýulda Tramp Putiniň urşy bes etmek üçin 50 gününiň bardygyny, bolmasa Russiýanyň nebit we beýleki eksporta gönükdirilen berk salgytlara duçar boljakdygyny mälim etdi, ýöne soň ol bu möhleti 8-nji awgusta geçirdi.

Forum

XS
SM
MD
LG