Azatlygyň Ahaldaky habarçysy türkmen häkimiýetleriniň Aşgabady bezeýän görnükli nyşanlaryň birini, sekiz burçly ýyldyzy, içinde bäş kelleli bürgüt şekili bolan nyşany, sebäbini düşündirmezden, birden ‘gadagan edendigini’, ulaglarynda şeýle nyşan bolan sürüjilere jerime salynýandygyny, bu nyşanlary satýan dükançylaryň hem ‘ýüzünden sypalmaýandygyny’ habar berýär.
Halk içinde sekizburç ýyldyz diýilýän nyşan türkmen metbugatynda Oguzganyň sekizburç ýyldyzy diýlip atlandyrylýar.
Türkmen metbugatynyň ýazmagyna görä, “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi, 2011-nji ýylda ulanmaga berlen bina hut şu ýyldyzyň şekilinde gurlup, “Dünýäniň arhitektura tehniki usulda şekillendirilen iň uly ýyldyzy” diýen at bilen, dünýä rekordlarynyň sanawyna goşuldy.
Şeýle-de, 2014-nji ýylda bu ýyldyzyň şekilinde täze orden, “Oguzhanyň Ýyldyzy” ordeni döredildi.
Degişli maglumat 'Millilik, watansöýüjilik' talaplary güýçlenýär, restoranlarda täze eşik kody girizildiAhal sebitiniň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri dükanlara, bazarlara reýd geçirip, sekizburç ýyhldyz, içinde bäş kelleli bürgüt bolan nyşanlary satýanlara jerime salýarlar, bu nyşanlary awtoulaglarynyň öňüne dakan sürüjiler hem Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan saklanyp, olaryň awtoulaglary jerime duralgasyna äkidilýär diýip, habarçy aýtdy.
'...asmak, hatda satmak, satyn almak hem gadagan'
Awtoulaglarynda sekizburç ýyldyz nyşany tapylan sürüjilere 55 manat jerime ýazylýar diýip, ulagy jerime duralgasyna äkidilen we jerime tölän sürüji habarçymyz bilen öz tejribesini paýlaşdy:
“Meni ýolda ýol polisiýasy saklady we sürüjilik şahadatnamamy aldy. Soňra awtoulagymy jerime duralgasyna dykdy. Şondan soň maňa näme üçin dastawka edenini aýtdy. Ondan öň soranymda, ‘häzir aňry baraly, şonda düşündirerin’ diýip, hiç zat aýtmandy. Meniň awtoulagymyň öňki aýnasynda 5 kelleli 8 burçluk nyşan asylgydy. Şony görkezip, ‘şul gadagan, asmak, hatda satmak, satyn almak hem gadagan, bul prezidentiň kanuny' diýdi.”
Aýry-aýrylykda gürleşilen sürüjileriň aýtmaklaryna görä, saklanan adamlaryň ‘bu gadaganlykdan habarym ýokdy’, ‘men ony buýsanyp, öz ýurdumyň nyşany hökmünde dakdym’ diýen sözleri peýda etmeýär.
“Bolýar, aýyrmaly bolsa aýraýyn, jerime ýazma diýip haýyş etdim. Ol diňlemän, 55 manat jerime ýazdy. Soň ony töledim, awtoulagymy jerime duralgasyndan çykarmak üçin, jerimäniň daşyndan ýene bir 50 manat tölemeli boldum” diýip, aşgabatly sürüji aýtdy.
Azatlygyň söhbetdeşleri bu gadaganlygyň hiç bir ýazmaça, ol ýa-da beýleki görnüşde resmileşdirilen görnüşini görmändiklerini, dilden berlen görkezmä meňzeýändigini aýtdylar.
“Biziň ýurdumyz nähil-aý? Öňünden hiç bir duýduryş bermän, adamlary, halky habardar etmän, gönüden-göni güpbasdy edip, hamala uly bir jenaýatçy tutan ýaly edip, ýolda tussag edýärler” diýip, paýtagtyň etegindäki obalaryň birinde ýaşaýan sürüji aýtdy we ‘biziň ýurdumyzdan başga ýerde şeýle zat barmyka?’ diýip sorady.
“Kanun bar bolsa, olara-da jerime ýazmalydyr-a?"
Şeýle-de, ol bu gadaganlygy hukuk goraýjy işgärleriň arasynda hem bilmeýänleriň bardygyny, özi saklanan wagtynda öňki aýnasyndan sekizburç ýyldyz nyşanyny asyp gelýän polisiýa tanşynyň hem saklanandygyny, emma jerime ýazman, diňe ‘häzir bolanok, aýraý’ diýip, onuň bilen mylakatly gürleşendiklerini aýtdy.
“Eger-de kanun bar bolsa, olara-da jerime ýazmalydyr-a” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Degişli maglumat Heýkeller we olaryň manylary: Merkezi Aziýa sapaklaryDükanlary barlaýan hukuk goraýjylar, aýdylmagyna görä, ilki gelip, näçeden diýip, ‘gadagan’ diýilýän nyşanyň birini satyn alýarlar we soňra satyjyny gorkuzmaga başlaýarlar.
“Bu döwlet nyşany, seniň bulary satmaga hakyň ýok. Bu jenaýat” diýip, hukuk goraýjylar ol nyşanlary satlykdan aýyrtmak bilen oňman, “sizi polisiýa edarasyna ýygnamaly boljak” diýip, satyjylary gorkuzýarlar.
Anonimlik şertinde gürleşen satyjylaryň sözlerine görä, olardan ‘açylmadyk jenaýat işini ýapmak üçin’ 300, 500 amerikan dollary möçberlerinde para soralypdyr.
“Bolmasa sen göni ýöreýäň, häzir aňry baraňsoň, bul nyrha çözüp bilmersiň' diýdiler. Ilki oýun edýändirler öýtdüm. Soň görsem, bular çynyrgadyp barýarlar. ‘Türkmenistanyň prezidentiniň tugy prezident häkimiýetiniň esasy nyşany, muny satmak jenaýat hasaplanýar’ diýdiler. Men soralan amerikan dollaryny bermäge kaýyl boldum. Hamala, men özümi neşe söwdasynda tutulan ýaly duýdum” diýip, bir dükançy öz başdan geçirenlerini gürrüň berdi.
Azatlyk türkmen häkimiýetleriniň dilden girizen täze gadaganlygy barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Maglumat üçin aýdylsa, Oguzhanyň ýyldyzy diýlip bilinýän sekiz burçly ýyldyz türkmen döwletliliginiň esasy nyşanlarynyň birine öwrüldi. Şeýle-de, ol Aşgabadyň esasy bezegleriniň biri boldy.
Ýerli synçylaryň käbiri bu ýyldyz sowet ýyllaryndaky orak-çekiç we bäş burç ýyldyz ideologiýasynyň ornunda dörän ideologiýa boşlugyny doldurmak üçin ulanyldy we ulanylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.